Ukrainanyň ok-däri däri getirýän rus otlusyna uran zarbasy Moskwanyň basyp alan Herson sebiti bilen anneksiýa edilen Krymy birikdirýän demirýol aragatnaşygyna zeper ýetirene çalym edýär diýip, britan aňtaw gullugy 3-nji awgustdaky habarynda aýtdy. Kiýew bolsa, günbatar ýaraglarynyň üpjünçiliginiň has gowulaşmagyna garamazdan, gündogardaky harby ýagdaýyň “dowzahdygyny” boýun aldy.
Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik aňtaw maglumatlarynda aýtmagyna görä, ukrainalylaryň demirýol baglanyşygyna ýetiren zyýanynyň ýakyn wagtda düzedilmek ähtimallygyna garamazdan, bu baglanyşyk rus güýçleri, olaryň Krymdan Hersona barýan maddy-tehniki üpjünçilik ugry üçin "gowuşgynsyz" bolmagynda galar.
Dneper derýasynyň üstünden geçýän Antoniwski köprüsine ýetirilen zyýanyndan soň, bu rus güýçleriniň Hersondaky bölümlerini gaýtadan üpjün etmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň üstüne urna bolar diýip, britan aňtaw gullugy aýdýar. Häzirki wagtda bu ýerdäki goşun bölümleri we üpjünçilik ýükleri paromlar arkaly ondan-oňa geçirilýär.
Gaçyp çykýan asuda adamlar Russiýanyň basyp alan Herson sebitiniň ulag ýollaryna has köp agram salar, bu Moskwanyň hereket çäklendirmelerini girizmegine getirdi diýip, aňtaw gullugy aýdýar.
Ukrain goşuny 3-nji awgust güni irden Herson sebitini nyşana almagyny dowam etdirip, öten agşam rus gözegçiligindäki ýerlere zarba urandygyny hem-de duşmana adam we maddy taýdan zyýan ýetirendigini aýtdy.
"Biziň uçarymyz ol ýerdäki berkitmelere üç gezek, Berislawski we Baştanski etraplaryndaky ýarag we enjam ammaryna bir zarba urdy. Raketa we artilleriýa bölümlerimiz Çornobaýiwka, basyp alyjy güýçleriň bazasynyň ýerleşýän ýerine zarba urdy” diýip, ukrain harbylary feýsbukda habar berdiler.
Emma bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gündogar Donbas sebitindäki söweş meýdanynyň “dowzahy ýatladýandygyny” we ABŞ-nyň kämil artilleriýa ulgamlary bilen üpjün edilendigine garamazdan, Kiýew güýçleriniň agyr ýaraglanan we adam güýji agdyk bolan rus güýçleriniň hötdesinden gelip bilmändiklerini aýtdy.
Güýçleriň arasyndaky deňsizlik “söweşde, hususan-da Donbasda örän ýiti duýulýar” diýip, Zelenski 2-nji awgustda eden gijeki ýüzlenmesinde aýtdy. “O taýy edil dowzahy ýatladýar. Bu ýagdaýy söz bilen beýan eder ýaly däl” diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de ol ýokary takyklygy bolan kämil raketa ulgamlarynyň gysgaldylan ady bolan HIMARS sözüniň “tasdan Ukraina üçin adalat diýen söz bilen manydaş bolandygyny” belledi.
“Ukrainanyň goranyş güýçleri bu netijeli ulgamlary, HIMARS-lary ulanyp, basybalyjylaryň her hepde has we has agyr ýitgi çekmegi üçin ellerinde baryny ederler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Kämil we has takyk HIMARS ulgamlary Birleşen Ştatlardan iberildi we Ak tam 1-nji awgustda Ukraina iberilýän täze harby bukjanyň "söweş meýdanynda üýtgeşiklik girizýändigi" aýdylýan ulgamlar üçin goşmaça ok-därileri hem öz içine aljakdygyny aýtdy.
Biraz öň, has anygy 2-nji awgustda Ukrainanyň günortasyna urlan howa zarbalary baradaky maglumatlar gelip gowuşdy. Aýdylmagyna görä, on müňlerçe rus goşuny günortadaky Kriwi Rih we Mikolaýiw şäherlerine tarap hüjüme geçmäge taýýarlanýar.
Prezidentiň geňeşçisi Oleksi Arestowiç Russiýanyň bu sebitde hüjüme geçmek üçin 22,000 çemesi esger jemländigini çaklady we olara garşy durmak üçin "ýeterlik derejedäki uly" ukrain kontingentiniň garaşýandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoigu rus güýçleriniň Ukrainadaky konflikt başlanaly bäri ABŞ-da öndürilen HIMARS raketa ulgamlarynyň alty sanysyny hatardan çykarandygyny aýtdy diýip, Interfaks habar gullugy habar berýär.
Pentagon muny ret etdi. Russiýa HIMARS ulgamlaryny urandygyny aýdyp durýar, ýöne hiç bir subutnama görkezmeýär.
Şu aralykda, BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan ylalaşyk esasynda 1-nji awgustda Odesa portundan ukrain dänesini alyp gaýdan ilkinji gämi 3-nji awgustda Türkiýäniň Gara deňiz kenarlaryna geldi we onuň basym Bosfor bogazyndan geçip, Liwana ugramagyna garaşylýar.
BMG-niň maglumatyna görä, Ukrainanyň üç portunda häzir ýük äkitmek üçin şertnama baglaşan gämileriň 30-a golaýy işe girişmäge garaşyp dur.