Ukraina: Russiýa gündogarda goşun ýetmezçiligine duçar bolýarka, ukrain güýçleri günortada hüjüm edýär

Ukraina 

Ukrainanyň güýçleri ýurduň günortasynda elden beren territoriýany yzyna almak üçin garşylyk hüjümlerini güýçlendirdi. Bu aralykda ýurduň merkezinde we paýtagtyň golaýynda weýrançylykly hüjümleri amala aşyran rus güýçleriniň gündogarda harbylaryň ýetmezçiligine duçar bolýandygy barada habar berilýär.

Ukrainanyň harby güýçleri öz uçarlarynyň Herson şäheriniň we günortadaky başga bir şäheriň töweregindäki bäş sany rus berkitmesine zarba urandygyny aýtdy. Ukrain harbylary sebitdäki rus goşunlaryny izolirlemek üçin uruş başlanaly bäri iň uly garşydaş çäresini alyp barýar.

Ukraina soňky hepdelerde Dnepr derýasynyň üstündäki üç köprä agyr zeper ýetirip, munuň üçin Günbatar tarapyndan üpjün edilen uzak aralyga niýetlenen raketa ulgamlaryny ulandy. Bu zarba Russiýanyň günbatar kenaryndaky güýçleriniň üpjünçiligini kynlaşdyrdy.

Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym bilen serhetleşýän Herson sebiti Orsýetiň 24-nji fewralda çozmagyndan gysga wagtyň içinde ruslaryň eline geçdi.

Resmileriň habar bermegine görä, Russiýanyň 28-nji iýulda Ukrainanyň merkezi Kirowograd regionyna eden zarbasy Kropiwniskiý şäherinde bäş adamyň ölmegine we 26 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolupdyr.

Degişli maglumat ABŞ-nyň aňtaw gullugy: Ukrainadaky söweşde ölen ruslaryň sany 75 000-den gowrak 

Kiýewiň golaýynda harby bazada 15 adam ýaralandy. Ukrainanyň demirgazyk we günorta sebitlerinde hem hüjüm edildi.

Russiýanyň raketa zarbalary Kiýew, Çernihow, Mikolaýiw we Harkow sebitlerine-de degdi. Ukrainanyň Baş ştabynyň ýokary derejeli resmisi Oleksiý Hromowyň sözlerine görä, Kiýew sebitine edilen hüjüm - hepdäniň içinde ilkinji bolup, paýtagtyň etegindäki bir obadaky harby bölüme zarba urdy.

Kiýewiň regional häkimi Oleksi Kuleba ok atyşykda 15 adamyň ýaralanandygyny, olaryň bäşisiniň parahat ýaşaýjydygyny aýtdy.

Çernihowyň welaýat häkimi Wýaçeslaw Çaus ruslaryň Belarusdan Honçariwska obasyna raketa atandygyny habar berdi. Çernihow sebiti birnäçe hepde bäri nyşana alynmandy.

Rus goşunlary Bagmut we beýleki şäherleri nyşana alanda, gündogar Donetsk sebitinde tutuş frontda güýçli atyşyk boldy. Ýerli resmiler Bagmutda üç adamyň ölendigini aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýulda öz gündelik habar býulleteninde Russiýanyň Ukraina çozuşynyň ilkinji günlerinden başlap, Kreml bilen baglanyşykly Wagner toparynyň hakyna tutma söweşijilerini rus goşuny bilen utgaşdyryp ulanýandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Ýewgeniý Prigožin tarapyndan dolandyrylýandygy aýdylýan Wagner topary 2015-nji ýyldan bäri Afrikada we Ýakyn Gündogarda gizlin operasiýalara gatnaşýar.

Britan razwedka gullugynyň hasabatynda hakyna tutma harby güýçleriň açyk söweşlerde ulanylmagy Kremliň hususy harby toparlar bilen Russiýa döwletiniň arasyndaky baglanyşygy inkär etmek syýasatyny hasam pese gaçyrýar diýilýär.

Degişli maglumat Moskwa hüjümiň täsirini inkär edýärkä, Odesa edilen hüjümden soň bugdaýyň bahasy ýokarlandy

Wagner toparynyň hakyna tutma söweşijileriniň ulanylmagy "söweş pyýada goşunlarynyň ýetmezçiliginden" habar berýän hem bolsa, britan aňtaw gullugy munuň söweşleriniň gidişine uly bir täsir edip bilmejekdigini öňe sürýär.

ABŞ-nyň kanun çykaryjysy 75000-den gowrak rus esgeriniň, ýagny Moskwanyň fewral aýynda Ukrainany basyp almak üçin iberen güýçleriniň ýarysyna golaýynyň öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy aýtdy. ​

Prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň resmileri bilen geçirilen gizlin brifinge gatnaşan Elissa Slotkin (Demokrat - Miçigan) CNN telekanalyna beren interwýusynda bu sanyň "ägirtdigini" aýtdy.

Harby ýitgiler parahatçylyk döwründe-de Russiýada döwlet syry bolup durýardy. Orsýet harbylarynyň arasynda ölenler barada täzelenen resmi maglumat ýok. Merkezi aňtaw gullugynyň iň soňky çaklamasynda 15000 rus esgeriniň söweşde öldürlendigi aýdylypdy.

Ýakynda Ukraina saparyndan gaýdyp gelen Slotkin, soňky üç-alty hepdäniň konfliktiň alnyp barylýan ugry üçin möhüm bolup biljekdigini aýtdy.

"Meniň pikirimçe, prezident Zelenskiýden eşiden we şu gün ýene tassyklanan ygtybarly zatlarymyz, ukrainleriň gyş gelmezinden ozal Russiýanyň dişine birnäçe gezek kakmak, iň amatly ýagdaýy ulanmak, esasanam günortada urmak niýetidir" diýip, Slotkin aýtdy.

ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Julianne Smit Azatlyga beren interwýusynda Ukrainanyň harby serkerdeleriniň alyp barýan garşylyk hüjümlerinde indiki ädimleri özleriniň kesgitläp biljekdigini, ýöne NATO-nyň haýsy ulgamlaryň has peýdaly boljakdygy barada olardan eşitmek isleýändigini belledi.

"Biz ýerlerdäki ukrain goşunyny goldamak we olarda bu konfliktde ýeňiş gazanmaga hem-de rus agressiýasyny duruzmaga ähli zerur zatlarynyň bardygyna göz ýetirmek üçin elimizden gelenini ederis" -diýip, ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.