ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzasy Adam Smit (Adam Smith) Waşingtonyň Ukrainany uzak aralyga niýetlenen ýaraglar bilen üpjün edip, munuň bilen Kiýewiň Russiýany ýeňmegini we prezident Wladimir Putiniň zalym, esasyz hüjümini yzyna tesdirmegini gazanjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Wekiller öýüniň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň hem başlygy, Waşingtondan saýlanan Demokrat Smit bu barada Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda belledi.
Kongresmen Ukraina üçin 30 sany raketa ulgamynyň “boldugyndan tiz gowuşmagyny” maksat edinýändigini belläp, “bu uruşda kim has uzagy görüp, has uzaga atyp bilýän bolsa, has ykjam ýagdaýda boljakdygyny” nygtady. Bellesek, Kiýew gürrüňi gidýän raketa ulgamlarynyň azyndan 50-si bilen üpjün edilmegini sorapdy.
Smit Putiniň Russiýanyň territoriýasyny özüniň wehim duýgusyndan däl-de, “gazaply güýjüň hemaýaty bilen giňeltmek isleýändigini” aýtdy.
Smit geçen hepde ABŞ-nyň iki partiýasyndan hem düzülen toparyň düzüminde Kiýewe sapar etdi we ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem duşuşdy.
Birleşen Ştatlar eýýäm Ukraina üçin onlarça HIMARS raketa ulgamlaryny berdi. Waşington golaýda bularyň ýene dördüsini bermek baradaky meýillerini yglan etdi.
Bu ulgamlaryň raketalary juda takyklyk bilen nyşana urmak aýratynlygy, olaryň netijeliligini hasam ýokarlandyrýar.