Russiýada söweşden ýüz öwren esgerler  ýerzeminde saklanýar

Harkow sebiti. Hatardan çykarylan tanklar

Ukrainada söweşmekden ýüz öwren 20-ä golaý rus esgeri hususy “Wagner” harby kompaniýasynyň söweşijileriniň gözegçiligi astynda, Luhansk sebitinde ýesirlikde saklanýar diýip, «Настоящее Время» teleýaýlymy iki sany harby gullukçynyň ejelerine salgylanyp habar berýär.

Olaryň sözlerine görä, "ýüz öwrenler" ýerzeminde otyr, olara deslapky tussaghana we kazyýet işini açmak haýbaty atylýar. Teleýaýlym harby gullukçylaryň biriniň adyny hem aýdýar - ol 09332-nji harby bölümiň inženerçilik we sapýorçylyk rotasynyň esgeri Artýom Gorşenin.

Başda bu harby bölümiň esgerleri Ukrainanyň çägine aldaw bilen getirildi diýip, Gorşeniniň ejesi gürrüň berýär. Soňky birnäçe günüň dowamynda ol ogly bilen habarlaşyp bilmedi we oňa näme bolanyny bilenok.

Garaşsyz habar serişdeleriniň berýän yzygiderli maglumatlaryna görä, rus goşunlary Ukraina çozaly bäri dürli güýç gurluşlarynyň wekilleri urşa gitmekden ýa-da söweşmegi dowam etdirmekden ýüz öwürýärler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, adatça, beýle habarlara düşündirş bermeýär bu soňky habar barada hem şeýle boldy.

19-njy iýulda Buýnakskda ýerleşýän 136-njy motorly atyjylyk brigadasynyň 300 töweregi harby gullukçysynyň, Ukrainadaky uruş başlanandan bir aý soň, söweşi dowam etdirmekden boýun gaçyrandygy we goşun bölümlerini rugsatsyz terk edendigi mälim boldy.

Şeýle-de, golaýda burýatiýaly harby gullukçylaryň onlarçasynyň şertnamalaryny bozandygy habar berildi. Olaryň käbiri atylan haýbatlardan we görkezilen basyşlardan soň pikirini üýtgedip, goşuny terk etmek niýetinden ýüz öwürdi.