Russiýa Ukrainanyň günortada etjek garşylykly hüjümine taýýarlanýar

Ukrain esgeri

Kremliň ýurduň gündogaryndaky Donbas sebitine edýän basyşyny güýçlendirmegi bilen bir hatarda, ukrain goşunlarynyň garaşylýan garşylykly hüjümlerine garşy durmaga taýýarlanyp, rus goşunlary Ukrainanyň günortasyndaky möhüm şäherlerde we sebitlerde öz pozisiýalaryny güýçlendirip başlady. Şu aralykda, rus goşunlarynyň Ukrainanyň gündogaryndaky Toretsk şäherinde bir iki gatly bina uran zarbasy netijesinde alty adam heläk boldy diýip, ukrain resmileri 18-nji iýulda aýtdylar.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 17-nji iýulda Russiýanyň öz goşunlaryny we harby enjamlaryny Herson, Mariupol, Melitopol we Zaporižýa arasynda ýerleşdirýändigini, Moskwanyň bu ýerde Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyny ele geçirendigini aýtdy.

"Rus harbylaryna düşýän agramy nazara alanyňda, Donbas üçin alnyp barylýan agyr söweşleriň dowam edýän wagtynda günortadaky pozisiýalary güýçlendirmek rus serkerdeleriniň bu howpa çynlakaý garaýandyklaryny görkezýär" diýip, britan beýanatynda aýdylýar.

Britaniýanyň ýokary derejeli harby serkerdesi, admiral Toni Radakin BBC-ä beren interwýusynda Russiýanyň uruşda 50 000 töweregi esgeriniň ýa öldürilendigini, ýa-da ýaraly bolandygyny, 1700-e golaý rus tankynyň ýok edilendigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol bu ýitgileriň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn wagtda ýykylmagyna sebäp boljakdygy baradaky çaklamalaryň diňe "islenilýän pikir" bolup çykmagynyň mümkindigini hem öňe sürdi.

"Harby hünärmenler hökmünde, biz Russiýada degişlilikde durnukly režim hasaplaýarys. Prezident Putin islendik görnüşdäki oppozisiýany ýok etmegiň hötdesinden geldi. Biz prezident Putine bil baglaýan iýerarhiýany görýäris we ýokarda hiç kim prezident Putine garşy çykmaga het edip bilmeýär” diýip, Radakin aýtdy.

Şu aralykda bir ukrain harby resmisi, Moskwanyň harby operasiýalary güýçlendirmek barada beren buýrugyndan soň, Russiýanyň Donbasy, gündogardaky Donetsk we Luhansk sebitlerini doly ele geçirmek tagallalarynyň çäginde, Ukrainadaky hüjüminiň indiki tapgyryna taýýarlanýandygyny aýtdy. Ýöne ol merkezi, demirgazyk-gündogar, günorta Ukraina hem hüjüm edilýändigini belledi.

"Bu diňe bir howadan we deňizden urulýan raketa zarbalary däl" diýip, Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň metbugat wekili Wadym Skibitski aýtdy. "Biz aragatnaşyk liniýasynyň boýundaky ähli ýeriň, front liniýasynyň boýundaky ýerleriň tas ählisiniň topa tutulýandygyny görýäris. Bu ýerde taktiki awiasiýa we hüjüm dikuçarlary işjeň ulanylýar” diýip, ol “duşmanlaryň front liniýasynyň boýundaky ýerleriň ählisinde görnetin işjeňleşendigini, munuň hüjümiň täze tapgyryna görülýän taýýarlyk bolmagynyň gaty mümkindigini” hem sözüne goşdy.

Kiýew soňky günlerde öz güýçleriniň, hususan-da günortada giň gerimli garşylyklaýyn hüjüme geçip, elden giderilen ýerleri yzyna almaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

Uruşýan iki tarapyň aýdýan zatlaryny we gapma-garşylykly beýanatlaryny bada-bat garaşsyz ýagdaýda tassyklamak kyn bolmagynda galýar.

Rus raketalary 17-nji iýulda Ukrainanyň günortasyndaky Mikolaýewde we onuň golaýynda senagat we infrastruktura desgalaryna zarba urdy.

Şäher häkimi Oleksandr Senkewiç bu raketalaryň Günorta Bug derýasynyň kenaryndaky gämi gurluşyk merkezine zarba urandygyny aýtdy. Häzire çenli mümkin bolan pidalar barada maglumat berilmedi.

Ukrain goşunynyň baş ştaby 17-nji iýulda ukrain goşunlarynyň Russiýanyň gündogar Donetsk sebitindäki esasy ukrain daýanjy bolan Slowýanska we sebitiň beýleki ýerlerine eden ilerleme synanyşyklaryny puja çykarandyklaryny aýtdy.

Moskwa 16-njy iýulda özüniň Ukrainadaky harby operasiýalaryny güýçlendirjekdigini yglan etdi.

Goranmak ministri Sergeý Şoýgu "Kiýew režiminiň raýat infrastrukturasyna, Donbasdaky we beýleki sebitlerdäki ilatly ýerlere kuwwatly raketa hem-de artilleriýa zarbalaryny urmak mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin, ähli operasiýa sebitlerindäki hereketleri has-da güýçlendirmek barada görkezme berdi" diýip, Goranmak ministrligi aýtdy.

Ukraina soňky üç günde Russiýanyň şäher ýerlerine atan top oklary netijesinde azyndan 40 adamyň ölendigini aýtdy.

17-nji iýulda Ukrainanyň merkezi Winnitsia şäherinde öldürilen 4 ýaşly Liza Dmitriýewa garyndaşlary we ýerli ýaşaýjylar tarapyndan soňky ýoluna ugradyldy.

Liza ejesi bilen

Down sindromly Liza 14-nji iýulda Winnitsianyň merkezine urlan raketa zarbasynda ölen 24 adamyň biri boldy diýip, ukrain resmileri aýtdy. Bu hüjümde 200-den gowrak adam, şol sanda Lizanyň ejesi hem ýaralandy. Ol häzir agyr halda bejergi alýar.

Zelenski Ukrainanyň "Russiýanyň gazaply zarbalaryna garşy durmagy başarandygyny" we uruş başlanaly bäri elden giderilen ýerleriň käbirini yzyna almagyň hötdesinden gelendigini, ahyr netijede basylyp alnan topraklaryň has köp bölegini hem yzyna aljakdygyny” aýtdy.

Şu aralykda bir ukrain resmisi Krymyň, dünýäniň köp ýurdunyň henizem Ukrainanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýän, emma 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen ýarymadanyň ýaňy-ýakynda Kiýewe gelip gowşan HIMARS-laryň, ABŞ-da öndürilen kämil raketalaryň nyşany bolup biljekdigini aýtdy.

"Eger-de islendik başga döwlet, Ukraina bolsun ýa-da NATO ýurtlary, tapawudy ýok, Krymyň ruslaryňky däldigine ynanýan bolsa, onda bu biz üçin sistematik howp" diýip, Russiýanyň öňki prezidenti Dmitriý Medwedew 17-nji iýulda aýtdy.

Bu sebite edilen islendik daşarky hüjüm "Kyýamat güni" gaýtawulyna alyp geler diýip, ol aýtdy.