Rus habar gulluklary Türkmenistanda sahypalarynyň ‘petikli däldigini aýdýar’

Illýustrasiýa suraty

Azatlygyň geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanda käbir rus habar sahypalarynyň petiklenendigi baradaky maglumatyndan soň, hökümetçi saýt rus neşirleriniň ýurtda açylýandygyny öňe sürýär.

“Russiýanyň, şol sanda TASS, ‘RIA Nowosti’, RBK we ‘Lenta.ru’ habar gulluklary Türkmenistanda bökdençsiz açylýarlar” diýip, ýarym-resmi hökümetçi turkmenportal neşiri 16-nji iýulda giçlik, TASS gullugynyň Aşgabatdaky žurnalistiniň sözlerine salgylanyp, habar berdi.

Türkmenistan barada diňe öwgüli makalalary çap edýän neşir bu maglumaty “RIA Nowosti” gullugynyň Aşgabatdaky habarçysynyň hem tassyklaýandygyny, şeýle-de “Türkmenistanda ulanyjylarynyň esasy rus habar gulluklarynyň saýtlaryna girip bilýändiklerini’ öňe sürdi.

Ýatlatsak, geçen anna güni Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary, metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan, Türkmenistanyň VPN hyzmatlarynyň öňüni almak boýunça alyp barýan nobatdaky tagallalarynyň çäginde, ozal bökdençsiz açylan käbir rus habar saýtlarynyň hem petiklenendigini belläpdiler.

Azatlygyň bu baradaky habaryny rus dilli, degişlilikdäki meşhur, Telegram kanallarynyň ençemesi hem paýlaşdylar.

Munuň ertesi güni, ýagny 16-njy iýulda habarçymyz ýurtda mundan birnäçe gün ozal elýetersiz bolan “RIA Nowosti”, “InoSMI”, RBK we TASS gulluklarynyň dagy websaýtlarynyň gaýtadan açylandygyny aýtdylar. Şol güni giçlik bu barada ýarym-resmi hökümetçi neşirinde hem makala peýda boldy.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz InterFax, 'Nezawisamaýa gazeta' ýaly rus neşirleriniň heniz hem petikldigini, gaýtadan elýeterli edilen sahyplaryň hem ozalkylara garanyňda has haýal açylýandygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, ýurduň çäginde ozal rus kanallary bilen birlikde, dürli rus dilli filmleri görmäge hem mümkinçilik beren 'smotrim' ýaýlym-platformasynyň-da petiklenendigine üns çekilýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda rus kanallarynyň ýaýlymy gaýtadan ýola goýuldy

Russiýanyň Ukraina garşy fewralda başladan esassyz urşunyň arasynda, Günbatar konflikt barada birtaraply maglumatlary berýän, şeýle-de gazaplylygy öjükdirýän ençeme rus habar saýtlaryna we žurnalistlerine garşy sanksiýalary girizdi.

Türkmen häkimiýetleri rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky urşy barada ilata hiç hili maglumat bermeýärler, şeýle-de resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we iň gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Ýurduň hökümeti ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliliginiň öňüni alýar, internete gözegçiligi güýçlendirýär we VPN hyzmatlaryny ulanyjylary hem-de guraýjylary yzarlaýar.

Türkmenistan her ýyl halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we internet azatlygy görkezijilerinde iň soňky setirleri eýeläp gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.