Ukraina Harkowyň gije oka tutulandygyny habar berýär

Halas ediş toparlary Russiýanyň 14-nji iýulda harby zarba uran merkezi Ukrainadaky Winntisiýa şäherinde.

Ukrain häkimiýetleri rus goşunlarynyň 15-nji iýula geçilen gije demirgazyk-gündogar Harkowy agyr oka tutandyklaryny habar berýärler. Bir ýaşaýyş jaýy bombalanyp, onlarça adamyň öldürilen ýa-da ýiten ýeri bolan günorta-günbatardaky taryhy şäherde halas ediş işleri dowam edýär.

Bu aralykda, Ýigrimiler toparyna (G20) girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri Balide duşuşýar. Beýemçi Indoneziýa bu ýygnagyň Russiýanyň Ukrainadaky esassyz urşunyň ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin möhümdigini aýdýar.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy Harkow oblastyna we sebit merkezine düýn gije sagat 3 töwereklerinde raketa zarbalarynyň urlup başlanandygyny habar berdi.

Gulluk raketa zarbalarynyň azyndan bir öýe we golaýdaky bir bilim edarasyna urlandygyny aýtdy. Adam ýitgileri barada bada-bat habar berilmedi.

Kiýew birnäçe hepde bäri rus güýçleriniň Harkowy uruşda “front şäherine” öwürmäge synanyşýandyklaryny aýdyp gelýär. Ýogsa, rus güýçleri ymykly gündogar sebitlere, 2014-nji ýyldan bäri rus goldawly separatistleriň gözegçilik edýän sebitlerine gönükýär.

Bu aralykda, halas ediş toparlary rus raketalary 14-nji iýulda merkezi Ukrainadaky Winnitsiýa taryhy şäherine zarba urandan soň ýiten azyndan 39 adamy tapmaga çalyşýar. Hüjüm ýene onlarça adamy öldürdi we ýaralady.

Ukrain häkimiýetleri front çyzygyndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän şähere günortan edilen hüjümde azyndan 23 adamyň, şol sanda üç çaganyň öldürilendigini aýtdylar. Hüjüm ÝB resmileriniň Gagada duşuşyp, Ukrainadaky uruş jenaýatlaryny ara alyp maslahatlaşýan wagtlaryna gabat geldi.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy Winnitsiýadaky hüjümde azyndan 52 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Şäher geňeşi ýaraly adamlaryň aglabasynyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba öldürilenleriň arasynda üç çaganyň bardygyny aýtdy we bir çaganyň jesediniň suratyny Twitterde paýlaşdy. Kuleba hüjümi “gorky salmak üçin asuda raýatlaryň bilkastlaýyn öldürilmegi” atlandyrdy we Russiýany “terrorçy döwlet” atlandyrdy.

Prezidenti Wolodymyr Zelenski Winnitsiýa edilen hüjümi “açyk terrorçylyk hereketi” atlandyrdy.

Beýemçi Indoneziýa Balide duşuşýan G20 ýurtlarynyň maliýe ýolbaşçylarynyň Russiýanyň Ukrainadaky urşy zerarly tutaşan global ykdysady wehimleri ýeňip geçmekde öňe gidişlik gazanmalydyklaryny, ýogsa-da, betbagtçylykly gumanitar netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolunjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen Russiýanyň Ukrainadaky “rehimsiz we adalatsyz” urşuny ýazgardy we ýygnaga gatnaşýan rus maliýe resmileriniň urşuň “aýylganç netijeleri” boýunça jogapkärçiligi paýlaşýandyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 14-nji iýulda Ysraýyla amala aşyrýan saparynyň dowamynda “Putiniň urşy strategiki şowsuzlyga uçramaly” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.