Ukrainanyň prezidenti günbatar hyzmatdaşlaryndan gelip gowşan artilleriýa ýaraglarynyň uruş meýdanynda rus güýçlerine garşy alnyp barylýan söweşe täsir edendigini aýtdy.
"Ahyrynda günbatar artilleriýasynyň, biziň hyzmatdaşlarymyzdan alan ýaraglarymyzyň gaty gowy işleýändigi duýuldy" diýip, Wolodymyr Zelenski 6-njy iýulda eden wideo beýanatynda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ukrain goşunlary “basybalyjylaryň tyl üpjünçiliginde möhüm rol oýnaýan ammarlara we beýleki desgalara örän gözilginç zarbalary urdular”. “Onsoň bu rus goşunynyň hüjüm etmek mümkinçilikleriniň düýpli peselmegine getirýär” diýip, ol aýtdy.
Ukrain güýçleri häzirki wagtda birnäçe ugurda, şol sanda günortada Herson we Zaporižýa sebitlerinde öňe süýşýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
"Biz özümiziň tutuş günortamyz, tutuş ukrain Donbasy üçin söweşýäris" diýip, ol aýtdy we “iň gazaply gampa-garşylygyň” Slowýansk bilen Bahmut şäherleriniň golaýynda barýandygyny, ukrain güýçleriniň Harkow sebiti üçin hem söweşýändigini nygtady.
"Basyp alyjylar bu toprakda uzak wagt saklanarys we öz artilleriýamyzyň rüstemligi bakydyr öýtmesinler” diýip, Zelenski aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba twitterde özüniň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň "ABŞ-nyň we beýleki hyzmatdaşlaryň berýän agyr ýaraglarynyň tizden-tiz iberilmegini utgaşdyrmak üçin bilelikde işländigini” aýtdy.
Kuleba Germaniýanyň daşary işler ministri bilen hem şuňa meňzeş gepleşik geçirip, Ukrainanyň öz-özlüginde hereket edýän howitserler we tapgyrlaýyn raketa atýan raketa ulgamlary bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtandygyny aýtdy.
Ukrain resmileri biraz öň, Russiýa Donbasy doly ele geçirmek üçin edýän hüjümini güýçlendirensoň, raýatlaryň Slowýanskdan we Donetsk sebitiniň beýleki ýerlerinden ewakuasiýa edilmegine çagyrdy.
Donetsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kirilenko Telegramda ýerleşdiren ýazgysynda sebit paýtagtynyň demirgazygyndaky Awdiýwka şäherinde iki adamyň ölendigini aýtdy. 6-njy iýulda Donetsk sebitiniň Slowýansk, Krasnohoriwka we Kurahow şäherleriniň hesrinde bir raýatyň öldürilendigi habar berildi.
Sebitiň Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleri ukrain güýçleriniň hüjümleri netijesinde parahat ilatdan dört adamyň öldürilendigini aýtdylar. Emma olaryň bu aýdýanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler we rus güýçleri Donetsk sebitiniň günorta bölegine gözegçilik edýärler. Emma resmiler 6-njy iýulda Ukrainanyň rus goşunlarynyň Donetsk sebitiniň demirgazygyndaky ilerleme synanyşyklaryny häli-häzire çenli puja çykarandygyny aýtdylar.
"Biz duşmany Luhansk sebitiniň we Donetsk sebitiniň serhedinde saklaýarys" diýip, Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý Ukrain telewideniýesine beren gürrüňinde aýtdy.
Rus güýçleri öten agşam Donetskiň demirgazygynda Harkowa, Ukrainanyň ikinji uly şäherine hem raketa zarbasyny urdular diýip, Harkow sebitiniň häkimi 6-njy iýulda Telegramda habar berdi.
Häkim Oleh Siniehubowyň maglumatyna görä, şäheriň üç etrabyna raketa atyldy, üç adam, şol sanda bir çaga ýaralandy diýip, ol aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň ukrain harby gullukçylarynyň 100-e golýayny öldürendigini, Harkowda dört sany sowutly ulagy hatardan çykarandygyny, Mikolaýiw sebitinde bolsa Ukrainanyň howa gorag radaryna we daşary ýurtly söweşijileriň ýerleşýän lagerine zarba urandygyny aýtdy.
Ministrligiň metbugat wekili Igor Konaşenkow howa arkaly urulýan ýokary takyklykdaky raketa zarbalarynyň ABŞ-nyň iberen iki sany HIMARS raketa ulgamyny, bu ulgamlar üçin getirilen ok-därileri hem ýok edendigini aýtdy.
Ukrain goşuny Moskwanyň aýdanlaryny ret etdi.
Şu aralykda rus goşuny, ukrain goşuny Gara deňizdäki strategiki adada öz baýdagyny galdyrandygyny aýdanyndan soň, öten agşam Ýylan adasyna hüjüm edip, ol ýere gelen ukrain harbylarynyň bir bölegini ýok edendigini öňe sürdi.
Goranmak ministrliginiň metbugat wekili, general-leýtenant Igor Konaşenkowyň sözlerine görä, bu hüjüm 7-nji iýulda, ir sagat bäşlerde edildi we motorly gaýykda ada gelip, ukrain baýdagyny diken we onuň suratyny alan ukrain esgerlerini nyşana aldy.
Odessa sebit administrasiýasynyň başlygy Serhiý Bratçuk ada hüjüm edilendigini tassyklady, ýöne çekilen zyýan ýa-da ýitgi barada jikme-jik maglumat bermedi.