Russiýa Donetsk hüjümini güýçlendirýär, Ukraina ilatyň ewakuasiýa edilmegine çagyrýar

Russiýanyň Ukrainanyň Donetsk sebitine edýän hüjümlerini güýçlendirmegi bilen, ukrain resmileri raýatlaryň Slowýansk şäherinden gyssagly ewakuasiýa edilmegine çagyrdy. BMG-niň adam hukuklary başlygy bolsa, 5-nji iýulda eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky "manysyz urşuny" ýazgaryp, uruş netijesinde ýüze çykan "çydap bolmajak" raýat azaplarynyň soňlanmagyny talap etdi.

Angliýanyň Goranmak ministrliginiň 6-njy iýulda çap eden aňtaw habarynda aýdylmagyna görä, “[Slowýansk] ugrundaky söweşleriň Donbas ugrundaky darkaşyň indiki esasy synag meýdançasyna öwrülmegine doly ähtimallyk bar”.

"Rus goşunlarynyň Gündogar we Günbatar bölümleriniň söweşijileri häzir [Slowýansk] şäheriniň 16 km töweregi demirgazygynda ýerleşýär" diýip, aňtaw gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Slowýansk soňky günlerde rus goşunlarynyň dyngysyz bomba hüjümlerine sezewar boldy we bazar meýdançasyna edilen hüjümde azyndan iki adam öldi, ýedi adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler 5-nji iýulda aýtdylar.

Resmiler 6-njy iýulda ruslaryň Ukrainanyň Donetsk sebitiniň demirgazygyndaky ilerleme synanyşygynyň şu wagta çenli puja çykarylandygyny aýtdylar.

"Biz duşmany Luhansk sebitiniň we Donetsk sebitiniň serhedinde saklaýarys" diýip, Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý Ukrain telewideniýesine beren gürrüňinde aýtdy.

Slowýansk şäheriniň häkimi Wadym Lýah 6-njy iýulda geçirilen wideo brifingde şäheriň soňky iki hepdäniň içinde dyngysyz topa tutulýandygyny aýtdy.

Günortadaky port şäheri Mikolaýiw hem agyr topa tutuldy diýip, şäher häkimi Oleksandr Senkewiç brifingde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, rus güýçleri uruşdan öňki ýarym million ilatynyň ýarysy galan şäheri gabamak üçin tapgyrlaýyn raketa atýan ulgamlary ulanýar. Ol Mikolaýiwde howpsuz ýeriň galmandygyny we adamlara bu ýerden basymrak gidiň diýýändigini hem sözüne goşdy.

Donetsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kirilenko ukrain metbugatyna "esasy maslahatyň ewakuasiýa bolup durýandygyny” aýtdy. “Bu hepde ol ýeriň topa tutulmadyk güni asla bolmady” diýip, ol 5-nji iýul güni giçlik şäheriň içinden beren habarynda aýtdy we indi onuň ruslaryň tapgyrlaýyn raketalarynyň ýetýän ýerine öwrülendigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de Kirilenko gündogar Donbas sebitinde, Ukrainanyň berk garşylygyna duçar bolan ruslaryň Kiýewi eýelemek synanyşygynda şowsuzlyga uçranyndan soň, gaýtadan bar tagallasyny jemlän front hatarlararynyň ählisini topa tutýandygyny habar berdi.

BMG-niň hukuk başlygy 5-nji iýulda eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky "manysyz urşuny" ýazgardy we, uruş başlanmagy netijesinde ýüze çykan "çydap bolmajak" raýat azaplarynyň soňlanmagyny talap etdi.

3-nji iýuldaky hasaplamalara görä, Ukrainada 10,000-den gowrak asuda adamyň ýogalandygy ýa-da ýaraly bolandygy dokumentleşdirildi, hakyky görkezijiniň has ýokary bolmagy hem mümkin diýip, Mişel Baçelet aýtdy.

Şu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň şu hepde G20 ýurtlaryny Russiýa basyş edip, BMG-niň Ukraina konflikti bilen petiklenen deňiz ýollaryny açmak baradaky tagallalaryna goldaw bermäge we Hytaýa Moskwanyň uruş tagallalaryny goldamazlyk barada berlen duýduryşlary gaýtalamaga çagyrjakdygy belli boldy.

Blinken 20-ler toparynyň daşary işler ministrleriniň Bali şäherinde geçirilýän ýygnagyna gatnaşmak üçin 6-njy iýulda Aziýa ugraýar. Onuň bu sapary hytaýly kärdeşi Wan Ýi bilen oktýabr aýyndan bäri geçirjek ilkinji duşuşygyny hem öz içine alar, ýöne Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hiç hili duşuşyga garaşylmaýar.