Geçen hepde Türkmenistan syýasy-jemgyýetçilik we medeni wakalara, şeýle-de yssy howa baý boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde höküm sürýän yssy howa barada habar berdiler. Howanyň temperaturasy käbir sebitlerde 49 derejä çenli ýokarlandy.
Ýöne aşa yssy howa häkimiýetleri býujet işgärlerini medeni çärelere mejbury gatnaşdyrmakdan saklamady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda býujet işgärleriniň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçirilýän konsertlere mejbury gatnaşdyrylandyklaryny habar berdi.
Ýogsa-da, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda 65 ýaşady.
Türkmenistanda medeniýet hepdeligi we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri öňki prezidentiň doglan gününe gabatlap bellenilip geçilýär.
22-27-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Galyberse-de, 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde öňki prezidentiň doglan güni mynasybetli aýdym-saz konserti geçirildi. Konsertde beýleki aýdymçylar bilen bir hatarda Azerbaýjandan Emin Agalarow, Şwesiýadan Doktor Alban, Türkiýeden Demet Akalyn çykyş etdiler.
Syýasy liderler medeniýet çykyşlary bilen başagaý mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi, aşa yssy howada köpçülikleýin gyrylýan mal-garalar, ýurda dolanmak isleýän daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň aladalary barada habar berdiler.
Bu hepde sebitiň geosyýasy giňişliginde hem möhüm waka bolup geçdi. 29-njy iýunda Hazarýaka döwletleriň baştutanlary Aşgabatda sammit geçirdi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepde Türkmenistanda bolup geçen möhüm syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-medeni wakalar barada gysgaça maglumat berip, Hazar sammitiniň öň ýany we yz ýany synçylaryň sammit boýunça beýan eden garaýyşlaryna gaýtadan nazar aýlaýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Hepdäniň möhüm wakalary: Hazar sammiti, medeniýet hepdeligi, şygryýet güni we doglan gün konsertleri