Türkiýede türk lirasynyň ýiti hümmetsizlenmegi türkmen migrantlaryna ýaramaz täsir ýetirýär

Illýustrasiýa suraty

Soňky aýlarda Türkiýede dollaryň türk lirasyna bolan gatnaşygynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagy bu ýurtda zähmet çekýän türkmen migrantlaryna we olaryň Türkmenistandaky hossarlaryna ýaramaz täsir ýetirýär. Türkmen migrantlary türk lirasynyň hümmetiniň pese gaçmagy zerarly yzynda galan hossarlaryna, şol sanda çagalaryna dollar ibermekde kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada türkmen migrantlarynyň Türkmenistandaky hossarlary Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysyna gürrüň berdi.

Soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkiýede türk lirasynyň hümmeti pese gaçyp başlady. Bu peselme soňky aýlarda has-da güýçlendi. Türkiýedäki metbugat serişdeleriniň habaryna görä, maý aýynda 1 dollar 8,61 türk lirasyna deň bolan bolsa, 29-njy noýabrda 13 lira golaýlady.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu ýagdaýyň Türkiýede türk lirasynda aýlyk alýan türkmen migrantlaryna we özlerine agyr täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistana aşmak we ýurtdan çykmak isleýänleriň nobatlary saklanýar

Olaryň sözlerine görä, şu güne çenli öýlerine pul ugradan türkmen migrantlary indi hossarlaryna jaň edip, Türkiýede dollaryň gaty gymmatlandygyny, şonuň bilen bile azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň hem ep-esli ýokarlanandygyny aýdýarlar.

"Meniň irdenden agşama çenli işläp gazanýan pulum indi özüme doly ýetmän başlady. Indi öňküler ýaly Türkmenistana dollar iberip bilmerin. Biziň ýagdaýymyz edil häzir Türkmenistanyňkydan üýtgeşik däl" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran iki çaganyň ejesi habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde Türkiýedäki adamysynyň aýdan sözlerini getirdi.

Bellesek, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Türkiýe türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türk Migrasiýa gullugynyň 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda çap eden soňky sanlaryna görä, Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň sany boýunça türkmenler yraklylardan soň ikinji orny eýeleýär. Maglumatda Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanlylaryň sanynyň 117 müň 905 adama barabardygy hem bellenilýär.

"Biz adamymyň iberýän 200-300 dollaryny tygşytlap sowýardyk. Biziň hojalygymyzda alty adam bar. Bar zadyň gymmatlamagy bilen bu pul hem doly ýetmeýärdi. Şonuň üçin biz gaýynymyň pensiýasyna hem göz dikip ýaşaýardyk. Eger adamym mundan beýläk bu puly iberip bilmese, günümiziň nähili boljagy belli däl" diýip, iki çaganyň ejesi, maryly gelin aýtdy.

Degişli maglumat Çeşmeler: Türkmenistanda ýiti ilat ýetmezçiligi. Ýurtda 2,7 million ilat galdy

Ol adamysynyň jaňyndan soňra özüniň iş gözläp başlandygyny, özüniň öý arassalamaga ýa-da çagalara seretmäge taýýardygy barada daş töweregindäki adamlary habarly edendigini aýdyp, şeýle diýýär:

"Biziň ýurdumyzda adamlar çagalaryna özleri seredýär, öýünem özleri süpürýär. Şonuň üçin beýle iş tapmak kyn. Ýokary bilimiň bolmasa, işe ýerleşmek hem kyn. Häzir ýokary bilimiň bolsa-da, nirä işe girjek bolsaň, para soraýarlar" diýip, maryly gelin aýtdy.

Ol adamysyna salgylanyp, häzir Türkiýe döwletinde zähmet çekýän türkmenleriň arasynda ýewropa ýurtlaryna aşmaga synanyşýanlaryň köpelýändigini hem sözüne goşdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda güýçli ykdysady krizis sebäpli durmuşyň yzygiderli ýaramazlaşmagy köpleri iş gözläp, ýa-da has amatly şertleri isläp ýurdy terk etmäge mejbur edýär.

2019-njy ýylyň maýynda Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1,9 million töweregi adamyň çykyp gaýdandygyny habar beripdiler.

Şu ýylyň iýulynda bolsa, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri 2022-nji ýylda ilat ýazuwyny geçirmegi planlaşdyrýan Türkmenistanyň häkimiýetleriniň ýurduň çäginde diňe 2,7-2,8 million töweregi adamyň ýaşaýandygyny anyklandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden ýa-da göçen raýatlaryň sany barada statistiki maglumatlary äşgär etmeýär.

Şeýle-de, ýurt häkimiýetleri Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda işläp ýurduna näçe pul ugradýandygy, munuň ýurt ykdysadyýetine we raýatlaryna nähili täsir edýändigi barada hem hiç hili mesele gozgamaýar. Türkmen hökümeti zähmet migrasiýasy we pul ibermek meselesi düýbünden ýok ýaly alyp barýar.

Bu aralykda, Türkmenistana degişli ujypsyz resmi sanlar we dünýädäki ykdysady prosesler esasynda çykaryan analitiki netijeler türkmen migrantlarynyň öýüne ýylda milliardlarça dollar möçberde pul ugradyp bilýändigini görkezýär.

"Progres" atly analitiki portal özüniň ýakynda çap eden maglumatynda Türkmenistanda "Western Union" ýaly pul geçiriş hyzmatlary gadagançylyksyz we bökdençsiz işlänlerinde, türkmenistanly migrantlaryň ýylda ortaça 4,372-4,692 milliard USD pul ugradyp biljekdigini çaklaýar.

Degişli maglumat Türkmenistan geljek ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrar, aktiwistler ýurtdaky durmuşyň has agraljakdygyny aýdýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.