Aşgabat: Jaýlar ýykylýar
Häzirki wagtda bu ýerdäki dört gatly jaýyň ikisi ýykylýar. Onuň her birinde 16 hojalyk üçin niýetlenen jaýlaryň bolandygy habar berilýär.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gurlandygy aýdylýan bu jaýlaryň näme sebäpden ýykylýandygy barada resmi düşündiriş alyp bolmasa-da, şol ýerdäki işgärler bu ýerden ýol gurluşygynyň amala aşyryljakdygyny aýdýarlar.
Şeýle-de, bu sebitdäki 20-ä golaý ýaşaýyş-howly jaýy eýýäm ýykylypdyr.
Bu ýerdäki işgärler jaýlary ýykylan ýaşaýjylara Köşi obasyndan jaý berlendigini aýdýarlar. Emma bu maglumaty jaýlary ýykylan ýaşaýjylara tassyklatmak ýa-da inkär etdirtmek başartmady.
Jaýlary ýykmak işini amala aşyrýan işgärler.