Şwed kitaby türkmen dilinde çapdan çykdy

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Ak Welsapar.

Ýakynda düýbi Şwesiýada ýerleşýän “Gün” neşirýaty dünýä belli şwed ýazyjysynyň “Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty” atly kitabyny türkmen dilinde çapdan çykardy. Bu kitap Nobel baýragynyň laureaty, dünýä belli şwed ýazyjysy Selma Lagerlöfiň kitabydyr.

“Nils Holgerssonyň Şwesiýa täsin syýahaty” atly kitabyň baş sahypasy.

“Gün” neşirýatynyň ýolbaşçysy Ak Welsapar bu kitabyň ilkinji gezek asyl nusgasyndan türkmen diline terjime edilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu kitap we onuň mazmuny bilen gyzyklanyp, Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Ak Welsapar bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Şwed kitaby türkmen dilinde çapdan çykdy