«Biz kakamyzyň elini goýberen pursadymyzdan, ýene-de onuň elini gysmaga özümizde gaýrat toplaýançak, onlarça ýyl geçýär» diýip, bu foto proýektiň awtory Waleriý Poştarow aýdýar. Ol öz düşürýän suratlary üçin, atalardan uly oglunyň elinden tutmagy haýyş edýär. Ony görenleriň ägirt güýçli täsiri awtora bu tapgyry halkara derejesinde dowam etdirmäge ylham berdi.
Poştarowyň düşüren portretleriniň aşagyna ýazylan kommentariýalary yzarlasaň, suratlaryň aýratyn duýgy döredýändigini bilip bolýar.
Instagram ulanyjylarynyň biri şeýle ýazýar: «Men diňe aglaýaryn».
Başga biri bolsa: «Men 72 ýaşymda, kakamyň elinden tutmak üçin ölmäge taýyn» diýip ýazypdyr.
Poştarowyň özüniň iki ogly bar, olar 10 we 12 ýaşlarynda. "Ata we ogul" atly proýektiň döreýşi hakda; ol bir gün ogullary bilen gezelençden ylham alandygyny we ogullary bilen el tutuşmakdan döreýän özara baglanyşygyň basym gutarjakdygyna, iň bolmanda wagtlaýyndygyna düşünmeginiň sebäp bolandygyny aýdýar.
«Biz kakamyzyň elini goýberen pursadymyzdan, ýene-de onuň elini gysmaga özümizde gaýrat toplaýançak, onlarça ýyl geçýär» diýip, ol aýdýar.
Suratlar Poştarowyň öz dogduk mekany Bolgariýada gezelenç eden pursadynda, atalar we ogullar bilen tötänleýin ýagdaýda dörän mümkinçiliginiň we foto sergi üçin öňünden görlen taýýarlygyň netijesi. Fotograf köplenç öz ünsüni çeken Facebook maglumatlaryndan peýdalanyp, geljekki gahrymanlary bilen habarlaşýar we olardan surata düşmek islemeýärsiňizmi diýip soraýar.
Poştarowyň sözüne görä, köplenç onuň haýyşyna laýyklykda, erkekler el gysyşanlarynda, nähilidir bir oňaýsyzlyk sebäpli güýçli duýgy oýanýar. Adatça ilki ogul kakasynyň elinden aýrylýar.
Poştarowyň pikirine görä, atanyň elini almak aňsat däl, sebäbi «Biz – erkekler, özümizi öz bolşumyzça özbaşdak görkezjek bolýarys» diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
«Bu ulalyp-ýetişmegiň bir täsiri. Dünýä çykyp, öz şahsyýetiňi döretmek. Ýöne soňra uly bolanymyzda, nireden gelip-çykanymyza, kimligimize, bir uly zadyň bölegi bolup durýandygymyzy kabul etmäge dolanýarys. Bu ählimizde bolýan ýagdaý, ýagny iki garaýyş bilen ylalaşmak; öz-özlügiňe galmak hem öz köklerimize wepaly bolmak biziň her birimize aňsat däl» diýip, Poştarow aýdýar .
Suratlaryň birinde Bolgariýanyň gündogarynda ýerleşýän Bolýarowo şäherinde garawul gullugynda işleýän adam ogly bilen elleşýär, hamana diýersiň, olar hut häzir hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşan tanyşlar ýaly bolup dur.
Aprel aýynda "Lensculture Portrait Awards 2023" üçin žuri agzalary Poştarowyň proýektini saýlady. Häzir ol halkara derejesine çykmagy maksat edinýär, onuň ilkinji barmaly ýeri Gürjüstan bolar.
Kawkaz meselesinde Poştarow: "ýurtlary bilmek, dil öwrenmek meselesine aýratyn girişjek däl” diýýär. “Häzir men Gürjüstanda ýardamçy boljaklar bilen işleşýärin. Olar maňa medeniýete täzeçe seretmäge kömek edýärler" diýip, ol aýdýar.
Fotosuratçy öz portretleri üçin Fujifilm GFX100S kamerasyny we diňe 45mm, 2,8 lentany ulanýar. Ýapon kamerasy üýtgeşik uly görkeziji bilen enjamlaşdyrylan, bu bolsa has köp duş gelýän kiçi ölçegdäki görkezijilere garanda, mümkin bolmadyk aýdyňlygy üpjün edýär.
«Bu işiň ahyrynda meni nirä alyp barjagyny görmek isleýän – diýip, Poştarow proýekt barada aýdýar. – Ata – ol görnüş, şahsy maşgala çäginden ýokardaky düşünje, iň bolmanda ol meniň üçin şeýle. Ata — şahsyýetiň asyl nyşany, biziň hemmämiz şol nusga kybapdaş bolmaga çalyşýarys».
«Haçan-da biz gymmatlyklary paýlaşanymyzda, nähilidir bir ýagdaýda öz kimligimizi-de paýlaşýarys. El tutuşmagyň manysy hem hut şonda jemlenýär» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.