Uruş diňe bir ölüme däl, eýsem taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň, kitaphanalaryň, ybadathanalaryň, hatda bir ýurt ýa-da sebit bilen ýakyndan tanalýan transport serişdeleriniň özboluşly görnüşleriniň weýran bolmagyna-da sebäp bolýar.
Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi Russiýany 242 sany medeni miras ýadygärligini we desgasyny ýok etmek ýa-da zaýalamak arkaly, uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda aýyplaýar. ÝUNESKO Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozuşa başlany bäri medeni mirasa degişli 110 desga zeper ýetendigini tassyklady. Bu 48 dini ýadygärligi, 10 muzeýi, 22 taryhy binany, medeni çärelere bagyşlanan 11 binany, 13 ýadygärligi we alty kitaphanany öz içine alýar. Uruş dowam edýärkä, sanawa has köp desganyň goşulmak ähtimallygy barada aladalar artýar.
Russiýanyň Ukrainanyň milli we medeni mirasyny weýran etmegi
9
1871-1877-nji ýyllar aralygynda gurlan “Trostýanets-Smorodin” demir ýol menziline agyr zyýan ýetdi. "Fransiýa 24" telekanalyna görä, rus goşuny bu demir ýol menzilini özüniň ştab-kwartirasy hökmünde ulandy we olary bu ýerden kowmak ugrundaky söweş oňa agyr zyýan ýetirdi.
10
Günorta port şäheri Mariupolda uruş zerarly weýran bolan Medeniýet köşgi. Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrligi raýatlardan Russiýa garşy jenaýat işiniň subutnamasy hökmünde ulanylyp bilinjek, urşuň ýetiren zyýanyny subut edýän suratlary ibermegi soraýar.
11
Rus zarbasy Harkowyň etegindäki Drobytskiý Ýar Holokost ýadygärlik toplumynyň menora görnüşindäki ýadygärligine zyýan ýetirdi. Bu ýer Ikinji Jahan urşy döwründe faşistler tarapyndan köpçülikleýin öldürilen ýewreýleriň hatyrasyna döredilen ýadygärlikdir.
12
Rus güýçleriniň Çernihowa eden hüjüminden zyýan çeken jemgyýetçilik kitaphanasynyň galyndylary.