ABŞ-nyň Ukraina üçin $61 milliardlyk harby kömek bukjasy. Oňa nämeler degişli?
Waşington Ukraina üçin täze uly möçberdäki harby kömek paketini yglan etdi. Onda Ukrainany ýaraglaryň we harby enjamlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Habarlara görä, bu ýaraglar Ukraina tapgyrlaýyn gelip başlar.
13
Ýokary takyklykdaky awiasiýa söweş raketalary
ABŞ nähili ugrukdyryjy ýaraglary berjekdigini takyk bildirmedi. Bu suratda AGM-123A Skipper II kysymly lazer ugrukdyryjysy bolan raketa görkezilýär.
ABŞ nähili ugrukdyryjy ýaraglary berjekdigini takyk bildirmedi. Bu suratda AGM-123A Skipper II kysymly lazer ugrukdyryjysy bolan raketa görkezilýär.
14
Tanka garşy ulanylýan minalar
Minalaryň görnüşleri takyk bellenilmeýär. Bu suratda M15 tanka garşy minalar ýygnalýar.
Minalaryň görnüşleri takyk bellenilmeýär. Bu suratda M15 tanka garşy minalar ýygnalýar.
15
Tanka garşy TOW raketa toplumy
16
Howa hüjümine garşy gämiden raketa atyjy Deňiz Sparrow toplumy