Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini habar berdi. Kiýewiň häkimiýetleri bu çykyşy gow garşy alyp, 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny mümkin çalşyp biljekdigini aýtdy. Azatlyk Radiosy "Abrams" taklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlaýar.
"Abrams" tankynyň taryhy
9
2018-nji ýylyň 29-njy martynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Fort Stýuart şäherinde geçirilen türgenleşikler wagtynda "M1A1 Abrams" tanky ot açýar.
Tank serkerdesi "Browning .50 cal. (12.7mm) M2HB" agyr ýaragly zenit ýaragy we iki sany "7.62mm M240" pulemýot bilen birlikde, "120 mm Rheinmetall M256A1" ýylmanak nilli esasy ýaragy dolandyrýar.

10
2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Germaniýanyň Bremerhawen şäherinde harby işgärler "M1 Abrams" tanklaryny düşürýärler.
ABŞ-nyň Ýewropadaky gury ýer güýçleriniň öňki serkerdesi Mark Hertling, Germaniýada öndürilen "Leopard 2" tanklarynyň mart aýynda Ukrainanyň söweş meýdanyna baryp biljekdigini, has köp logistika goldawyna mätäç ABŞ tanklarynyň bolsa Ukraina barmagynyň sekiz aýdan gowrak wagta çekip biljekdigini çaklady.